“Milli önüm” polipropilen ýüp önümleriniň 129 tonnasyny eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Milli önüm” polipropilen ýüp önümleriniň 129 tonnasyny eksport etdi
Önümçilikde zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Baýram Myradowa degişli bolan “Milli önüm” hususy kärhanasy geçen ýylyň dowamynda öndüren polipropilen ýüp önümleriniň 129 tonnasyny daşary ýurtlara eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

“Milli önüm” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda öz işine başlady. Bu ýerde polipropilen gaýtadan işlenilip, ýyladyşhanalarda gök önümleri, oba hojalygynda bede-saman desselerini daňmak üçin ulanylýan ýüp öndürilýär. Kärhanada geçen ýylyň başyndan bäri bu önümiň 493 tonnasy öndürildi.

Önümçilikde zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada her aý 50 tonna polipropilen gaýtadan işlenilip,1,3 kilogramdan 5 kilograma çenli agramda öndürilýän ýüplere isleg barha artýar.

Germaniýanyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan bu döwrebap kärhananyň işi doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylyp, kompaniýada hünärmenleriň 33-si zähmet çekýär.

“Milli önüm” kärhanasynyň harytlary häzirki wagtda içerki bazar bilen bir hatarda Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlere eksport edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022