“Ýigit” hojalyk jemgyýeti aýda 1,5-2 müň tonna pomidor eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti aýda 1,5-2 müň tonna pomidor eksport edýär
Kärhana “Mahmal” nyşanly pomidorlarynyň aýda 200 tonnasy içerki bazarlara ýaýradýar.

Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirýän “Ýigit” hojalyk jemgyýeti her aý “Mahmal” haryt nyşany bilen öndürýän pomidorlarynyň 1,5-2 müň tonnasyny Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Kärhananyň ýyladyşhana toplunymy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda döwlet tarapyndan uzak möhletleýin bölünip berlen 1000 gektar ýeriň 34 gektarynda ýerleşýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana “Mahmal” nyşanly pomidorlarynyň aýda 200 tonnasy içerki bazarlara ýaýradýar.

Ýyladyşhana toplumy 2019-njy ýylyň fewral aýynda işe girizildi. Häzirki wagtda ol ýerde 500 hünärmen zähmet çekýär. Şu günki günde ýyladyşhanada pomidoryň “Marmelans”, “Altes”, “Merlis” we beýleki görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

2022