“Hemsaýa” kompaniýasy Kaka etrabynda banan ýetişdirip başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Hemsaýa” kompaniýasy Kaka etrabynda banan ýetişdirip başlady
“Hemsaýa” kompaniýasy häzirki wagtda bananyň “Kawendiş” görnüşini ösdürip ýetişdirýär.

“Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda banan ösümligini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanany işe girizdi. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Bu ýyladyşhana 5 gektar meýdanda ýerleşip, onda 40-dan gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Türkiýe, Germaniýa, Ispaniýa ýaly öňdebaryjy döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu ýyladyşhanada temperaturany we çyglylyk derejesini kadalaşdyrmak üçin awtomatlaşdyrylan ulgam bar. Şeýle hem bu ýerde ösümligi ösdürip ýetişdirmekde suwy tygşytlaýan suwaryş usullary ulanýar.

“Hemsaýa” kompaniýasy häzirki wagtda bananyň “Kawendiş” görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Kompaniýa bu banan ýyladyşhanasynyň her gektaryndan ýyl boýunça 100 tonna hasyl almagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda “Ferhar” hojalyk jemgyýeti Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda banan önümçiligini alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022