Türkmenistan Hytaýdan ýük teplowozynyň $30 millionlyk ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Hytaýdan ýük teplowozynyň $30 millionlyk ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
Bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulany bäri gol çekilen ýük teplowozynyň ätiýaçlyk şaýlary üçin niýetlenen iň uly şertnamadyr. (Surat: CRRC Ziyang)

Hytaýyň teplowoz öndüriji CRRC Ziyang kompaniýasy duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen dabarada Türkmenistana 30 million dollardan gowrak ýük teplowozynyň ätiýaçlyk şaýlaryny ibermek boýunça şertnama baglaşdy.

CRRC Ziyang kompaniýasynyň habar bermegine görä, bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulany bäri gol çekilen ýük teplowozynyň ätiýaçlyk şaýlary üçin niýetlenen iň uly şertnamadyr.

Türkmenistana geçen ýylyň sentýabr aýynda CRRC Ziyang kompaniýasyndan iki sany ýük teplowozy gelip gowuşdy.

Teplowoz öndüriji CRRC Ziyang, CRRC korporasiýasynyň golçur kompaniýasy bolup, ol dünýäde iň uly demir ýol ulaglaryny öndüriji kompaniýadyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022