Türkmenistanda ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglar üçin “Ýaşyl geçelgeler” döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglar üçin “Ýaşyl geçelgeler” döredildi
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hereket edýän “ASYCUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň Üstaşyr modulyny “TIR-EPD” maglumat ulgamy bilen utgaşdyryp, 2022-nji ýylda işe girizdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “TIR” kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleri üçin ýörite “Ýaşyl geçelgeler” döredildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hereket edýän “ASYCUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň Üstaşyr modulyny “TIR-EPD” maglumat ulgamy bilen utgaşdyryp, 2022-nji ýylda işe girizdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Bu ýerde “Ýaşyl geçelgeleriň” işe girizilmegi we “TIR” kitapçasynyň ulanmagy bilen, halkara ýükleri daşamagy amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük çägine geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ilkinji tertibinde ýerine ýetirilýär.

“TIR-EPD” maglumat ulgamynyň “ASYCUDA World” utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy bilen birikdirilmegi we “Ýaşyl geçelgeleriň” döredilmegi, halkara ýükleriň daşamalaryny amala aşyrýan ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmeginiň çaltlandyrylmagyna mümkinçilik döredip, Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, halkara ýük daşamalarynda ýurdumyzyň sebitdäki we halkara logistik zynjyryndaky ähmiýetini has-da artdyrmaga, şeýle hem halkara söwdanyň amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine we ösmegine ýardam berer.

2022