“Türkmen ojagy” kärhanasynda 1044 tonna nah pagta öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen ojagy” kärhanasynda 1044 tonna nah pagta öndürildi
“Türkmen ojagy” kärhanasynda geýimlik we mebel üçin nah pagta, gaplama üçin nah ýüplükden kendir mata we watin öndürilýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde öz işini alyp barýan “Türkmen ojagy” hususy kärhanasynda 2022-nji ýylda egin-eşik we mebel üçin niýetlenen nah pagtanyň 1044 tonnadan gowragy öndürildi. Bu bolsa 4 million 187 müň 292 manada barabar boldy.

“Türkmen ojagy” kärhanasynda geýimlik we mebel üçin nah pagta, gaplama üçin nah ýüplükden kendir mata we watin öndürilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde gaýtadan işlenilen süýümiň 437,9 tonnasy, ýagny 3 million 412 müň 972 manatlygy öndürildi.

Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrlan bu kärhananyň önümleri daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

2022