Türkmen telekeçisiniň guşçulyk toplumynda günde 60-70 müň töweregi ýumurtga ýygnalýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisiniň guşçulyk toplumynda günde 60-70 müň töweregi ýumurtga ýygnalýar
Bu ýerde ýygnalýan ýumurtgalar “Kekeç” haryt nyşany bilen ýerli söwda nokatlaryna ugradylýar.

Mary welaýatynyň telekeçisi Anna Orazmämmedowyň guşçulyk toplumynda günde 60-70 müň töweregi ýumurtga ýygnalýar. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan telekeçi Anna Orazmämmedowyň guşçulyk toplumy Mary welaýatynyň Mary etrabynda bölünip berlen 100 gektar ýeriniň 10 gektarynda ýerleşýär.

Habarda bellenilişi ýaly, döwrebap guşçulyk toplumy üç bölümden ybarat bolup, häzirki wagtda onda ýumurtga ugurly towuklaryň jemi 86 müňe golaýy idedilýär.

Telekeçi Anna Orazmämmedowyň uzak möhletleýin bölünip berlen 100 gektar ýeriniň galan 90 gektaryny ekerançylyk meýdany tutup, ol ýerde towuklar üçin iýmlik arpa, soýa, mekgejöwen ýaly ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär.

Bu ýerde 50-den gowrak hünärmen zähmet çekip, ýygnalýan ýumurtgalar “Kekeç” haryt nyşany bilen ýerli söwda nokatlaryna ugradylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022