Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalygynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar

BT
Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalygynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşýarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň Malaýziýanyň oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministriniň orunbasary Datuk Artur Jozef Kurup bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry, Malaýziýa (Surat: Bernama)

Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalyk tehnologiýalary, suw serişdelerini dolandyrmak, bu ugurda barlaglary we işläp taýýarlamlary geçirmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler. Bu ugurlar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň Malaýziýanyň oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministriniň orunbasary Datuk Artur Jozef Kurup bilen Putrajaýada geçen duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Malaýziýanyň “Bernama” resmi habarlar agentligi habar berýär.

Bu duşuşyk iki ýurduň arasynda oba hojalyga bagyşlanyp geçirilen ilkinji ýokary derejedäki gepleşikler boldy. Taraplar öz ministrlikleriniň düzümi we oba hojalyk pudagynda soňky wagtda ýetilen sepgitler barada maglumat alyşdylar. Datuk Artur Malaýziýada ýokary hilli tropiki miweleriň ösdürilip ýetişdirilýändigini göz öňünde tutup, bu önümleri Türkmenistana ibermek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

T.Atahallyýew, şeýle hem Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çarşenbe güni başlanan iki günlük resmi saparynyň çäklerinde Malaýziýada saparda bolýarlar.

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda oba hojalyk we azyk pudaklarynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberi 32,01 million ringgite barabar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň ilkinji sekiz aýynda bu görkeziji eýýäm 44,2 million ringgittden geçdi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini maslahatlaşmak üçin Malaýziýanyň daşary işler ministri Datuk Seri Mohamad Hasan bilen duşuşdy. Däp bolan nebitgaz taslamalaryndan başga-da, hyzmatdaşlygy berkitmek we täze ykdysady mümkinçilikleri öwrenmek maksady bilen Bilelikdäki topary döretmek başlangyjy hödürlenen teklipleriň hatarynda boldy.

Bu gepleşikler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda bu wezipä girişip, Malaýziýa amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň öň ýanynda geçirildi. Bu sapar 18 – 19-njy dekabr aralygynda dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022