“Ajaýyp ussat-halal önümler” ýokary hilli mermer et önümçiligini ösdürýär

BT
“Ajaýyp ussat-halal önümler” ýokary hilli mermer et önümçiligini ösdürýär
“Ajaýyp ussat-halal önümler” Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde, 2024-nji ýylyň 19-21-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ajaýyp ussat-halal önümler” hojalyk jemgyýeti ýokary hilli mermer et önümçiligini işjeň ösdürýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, kärhananyň 10 müň gektardan geçýän çäginde süýt önümleri bilen bir hatarda golştin we simmental sygyrlaryndan alynýan et önümleri üstünlikli öndürilýär. Kärhanada sarp edijilere ýokary hilli mermer et önümlerini hödürlemäge mümkinçilik berýän aberdin-angus sygyrlary hem idedilýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri önümçiligiň möçberlerini ýokarlandyrmagyň we önümleriň hilini gowulandyrmagyň ugrunda işjeň zähmet çekýärler.

“Ajaýyp ussat-halal önümler” hojalyk jemgyýeti aňrybaş et önümleri, şol sanda tagamynyň hili babatda ýokary baha berilýän mermer etini öndürmek üçin 2018-nji ýylda täze toplumyny açyp, önümçiligiň gerimini giňeltdi. Munuň üçin Germaniýadan aberdin-angus görnüşli sygyrlaryň 60-sy, Russiýadan hem goşmaça iri şahly mallar satyn aldyndy.

2015-nji ýylda esaslandyrylan kärhana ilkibaşda ýokary süýt berijiligi we hili bilen tapawutlanýan golştin görnüşli sygyrlary ösdürip ýetişdirmäge üns berdi, 2018-nji ýylda bolsa, kompaniýa aňrybaş derejeli et önümlerini öndürmek üçin täze toplumyny açdy.

2022