Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy $18,3 milliarda golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy $18,3 milliarda golaýlady
Degişli döwürde esasan hem Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň önümleri eksport edildi.

Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň on bir aýyndaky daşary söwda dolanyşygy 34,6 göterim ýokarlanyp, 18,3 milliard ABŞ dollaryna golaýlady. Bu barada Türkmenistan boýunça ykdysady bilermen Walentin Trapeznikowyň sişenbe güni “CentralAsia.news” web sahypasyna beren beýanatynda aýdylýar.

Walentin Trapeznikowyň aýtmagyna görä, bu döwürde Türkmenistanyň eksport görkezijisi 11,66 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,5 göterim ýokarydyr. Ýurduň importy bolsa 17,8 göterim ýokarlanyp, 6,61 milliard ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Seljermä laýyklykda, Türkmenistanyň eksport edýän ilkinji bäş ýurdunyň hataryna Hytaý, Russiýa, Owganystan, Türkiýe we Özbegistan girýär. Degişli döwürde Türkmenistanyň bu ýurtlara eksportynyň umumy mukdary takmynan 10 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Türkiýe, BAE, Hytaý, Russiýa we Hindistan Türkmenistana haryt iberýän ilkinji bäş ýurduň hataryna girip, degişli döwürde Türkmenistanyň bu ýurtlardan importy 4,5 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde esasan hem Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň önümleri eksport edildi. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tebigy gazyň eksporty 64 göterim, nebit önümleriniň eksporty 13,2 göterim, nebit koksynyň eksporty 17,1 göterim, tebigy gazdan gaýtadan işlenýän benziniň eksporty bolsa 19,7 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlara ugradýan elektrik energiýasynyň, mineral dökünleriň, kükürdiň, egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, pomidoryň, konditer önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň, derman we azyk senagaty üçin çig mallaryň mukdary artdy.

2022