Türkmenistanda Auditorçylyk edarasynyň esasy wezipeleri haýsylar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Auditorçylyk edarasynyň esasy wezipeleri haýsylar?
Auditorçylyk edarasynyň esasy wezipeleriniň biri ygtyýarly edara Türkmenistanyň auditorçylyk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary boýunça teklipleri bermekden ybaratdyr.

“Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna laýyklykda şu aşakdakylar Auditorçylyk edarasynyň esasy wezipeleri bolup durýar:

  • döwlet häkimiýet edaralarynda öz agzalarynyň bähbitlerine wekilçilik etmek;
  • auditorçylyk işi amala aşyrylanda ýüze çykýan jedelli meselelerde öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;
  • ygtyýarly edara Türkmenistanyň auditorçylyk işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary boýunça teklipleri bermek;
  • auditiň milli standartlarynyň we Auditorlaryň hünärmençilik edebiniň kadalarynyň işlenilip düzülmegine we ýaýradylmagyna gatnaşmak;
  • auditorçylyk edarasynyň agzasy bolmak üçin ýeke-täk talaplary bellemek;
  • ygtyýarly edaranyň çözgüdi boýunça öz agzalarynyň beýleki özbaşdak auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň daşarky hil gözegçiliginiň geçirilmegine gatnaşmaklaryny üpjün etmek;
  • öz agzalaryny auditorçylyk işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üpjün etmeklige ýardam etmek;
  • auditorlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaklaryny guramak;
  • auditorçylyk hyzmatlarynyň bazaryny öwrenmek we auditorçylyk işiniň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;
  • özbaşdak auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň işini öwrenmek, umumylaşdyrmak we seljermek hem-de olaryň netijeleri boýunça olaryň işiniň kämilleşdirilmegi babatda teklipleri taýýarlamak;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga wezipeler.

Türkmenistanda auditorçylyk işiniň jemgyýetçilik tarapyndan düzgünleşdirilmegi boýunça wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, esaslandyryjylary auditorlar we auditorçylyk guramalary bolup durýan jemgyýetçilik guramasy görnüşinde Auditorçylyk edarasy döredilip bilner.

Çeşme: “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022