“Lebap” sement zawody 1,1 million tonna sement öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebap” sement zawody 1,1 million tonna sement öndürdi
“Lebap” sement zawody 2022-nji ýylda 55 müň tonna golaý semendi eksport etdi.

“Lebap” sement zawody 2022-nji ýylda 1,1 million tonna sement öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän bu kärhana 2022-nji ýylda gurluşyk üçin zerur bolan bu önümiň 55 müň tonna golaýyny daşary ýurtly sarp edijilere ugratdy.

Bu döwrebap kärhanada portland sement, şeýle hem gidrotehniki binalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly sement öndürilýär.

Sementiň önümçiligi üçin ähli zerur çig mallar – hek daşy, palçyk, gips, kwars gumy zawodyň golaýyndaky kän hojalygyndan gazylyp alynýar.

“Lebap” sement zawody 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanylmaga berildi. Zawodyň önümleri içerki we halkara bazarlarda satylýar.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy 2020-nji ýylda başlandy. “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti bu taslamanyň gurluşygyny alyp barýar.

2022