Türkmenistan 2022-nji ýylda rus agaç önümleriniň importyny 28% ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 2022-nji ýylda rus agaç önümleriniň importyny 28% ýokarlandyrdy
Russiýa 2022-nji ýylda jemi 89 ýurda agaç eksport etdi.

Russiýanyň 2022-nji ýylda Türkmenistana agaç önümleriniň eksporty 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarlanyp, 101 müň kub metre deň boldy. Bu barada “Roslesinforg” guramasyna salgylanyp, “Interfaks” agentligi penşenbe güni habar berdi.

“Roslesinforg” – tokaý hasabatyny we tokaý dolandyryş meselelerini döwletiň bähbidine hemmetaraplaýyn çözmekde ýöriteleşen bütinrussiýa guramasydyr.

Habarda bellenilişi ýaly, rus agaç önümleriniň eksportynyň umumy möçberi 2022-nji ýylda 20,8 göterim peselip, 23,328 million kub metre barabar boldy.

Bu önümleriň ýarysyndan gowragy ýa-da 13,087 million kub metri Hytaýa iberildi. Bu bolsa 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 7 göterim pesdir.

Özbegistan 2022-nji ýylda Russiýadan agaç önümlerini uly mukdarda satyn alan ikinji döwlet bolup, ol bu önümleriň 1,9 million kub metrini import etdi. Bu bolsa 2021-nji ýylyň görkezijisi bilen deňdir. Geçen ýyl Gazagystan 762 müň kub metr agaç önümlerini import etdi. Bu bolsa 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6,5 göterim pesdir. Azerbaýjan rus agaç önümlerini satyn almagy 25 göterim peseldip, 602 müň kub metr import etdi.

Mundan başga-da, demirgazyk Afrika we ýakyn gündogar geçen ýylyň dowamynda agaç üpjünçiligini takmynan 18 göterim, ýagny 1,2 million kub metre çenli ýokarlandyrdy.

Russiýanyň Täjigistana agaç önümleriniň eksporty 24 göterim ýokarlanyp, 440 müň kub metre deň boldy. Türkiýäniň importy 37 göterim artyp, 141 müň kub metre ýetdi. Singapur bu önümiň importyny 1,73 esse artdyryp, onuň 500 müň kub metrden gowragyny satyn aldy.

Russiýa 2022-nji ýylda jemi 89 ýurda agaç eksport etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022