Russiýa mineral dökünler üçin eksport kwotasyny ýokarlandyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa mineral dökünler üçin eksport kwotasyny ýokarlandyrdy
Kararda ammiak selitrasynyň eksporty üçin kwotalaryň 375 müň tonna artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň hökümeti 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli hereket edýän mineral dökünler üçin eksport kwotasyny 0,5 million tonna ýokarlandyrmak kararyna geldi. Şeýlelikde, eksportyň umumy kwotasy 12 million tonnadan geçer. Bu barada Russiýanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu karara Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin penşenbe güni gol çekdi.

Kararda ammiak selitrasynyň eksporty üçin kwotalaryň 375 müň tonna, sulfammofosyň eksporty üçin bolsa 102 müň tonna artdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Kabul edilen karar içerki bazaryň islegleri doly kanagatlandyrylan ýagdaýynda dökün öndürijilerine taýýar önümleriň talap edilmedik galyndylaryny eksport etmäge mümkinçilik berer.

Russiýanyň Senagat we Söwda ministrligine kwota mukdaryny eksportçylaryň arasynda paýlamak tabşyryldy diýlip, habarda aýdylýar.

Russiýa dekabr aýynda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap mineral dökünlere 23,5 göterim eksport pajynyň giriziljekdigini habar beripdi. Bu paç Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň gümrük çäginden daşary eksport ediljek mineral dökünleriň tonnasynyň bahasy 450 ABŞ dollaryndan ýokary bolsa tölener.

2022