Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Röwşen Rahym” daýhan hojalygyna degişli guşçulyk toplumynda günde 70-80 müň aralygynda ýumurtga ýygnalýar.
“Röwşen Rahym” daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda 100 müňe golaý ýumurtga ugurly towuklar idedilýär. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.
Guşçulyk toplumynda 30-a golaý hünärmen zähmet çekip, olar towuklaryň göwrümli we dowamly ýumurtga bermekleri üçin iýmiň düzümine aýratyn üns berýärler. Toplumda ýygnalan ýumurtgalar içerki sarp edijilere ugradylýar diýip, habarda bellenilýär.
Şeýle hem “Röwşen Rahym” daýhan hojalygy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde uzakmöhletleýin bölünip berlen 3 gektardan gowrak ýerde ýyladyşhana şertlerinde pomidor ösdürip ýetişdirýär. Şu aýyň dowamynda ýyladyşhanadan 75-80 tonna pomidor ýyglyldy.