Türkmen Ilçisi ITA-nyň baş direktory bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Ilçisi ITA-nyň baş direktory bilen duşuşdy
ITA-nyň Baş direktory gepleşikleri alyp barmak üçin iki ýurduň gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary gurnamagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň Söwda agentliginiň (ITA) Baş direktory Roberto Luongo bilen duşenbe güni agentliginiň edara binasynda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Toýly Kömekow ITA-nyň ýolbaşçysyna iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada habar berdi. Şeýle hem ilçi iki ýurduň hususy we döwlet pudaklarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekdi.

Roberto Luongo türkmen işewürlerini italýan kompaniýalarynyň önümçiliginiň dürli ugurlaryndaky üstünlikleri bilen tanyşdyrmak maksatly şu ýyl Türkmenistanyň işewür toparlarynyň Italiýa sapary gurnaljakdygyna umyt bildirdi. Hususan-da, ITA-nyň Baş direktory gepleşikleri alyp barmak üçin iki ýurduň gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary gurnamagy teklip etdi. Roberto Luongo Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Taraplar gepleşikleri dowam etdirmäge we ykdysady ugurda, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlary bilen hususy kompaniýalaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

2022