TDHÇMB-da çarşenbe güni nebit we ýeňil senagat önümleri satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da çarşenbe güni nebit we ýeňil senagat önümleri satyldy
Owganystandan we BAE-den gelen işewürler bir tonnasynyň bahasy 768,25 ABŞ dollary bolan A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 5,5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda A-92 görnüşli awtoulag benzinini, dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümleri we ýüplük satmak boýunça 6 geleşik baglaşyldy.

Owganystandan we BAE-den gelen işewürler bir tonnasynyň bahasy 768,25 ABŞ dollary bolan A-92 görnüşli awtoulag benzininiň 5,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 4 million 225 müň 375 ABŞ dollaryna deň boldy.  Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Gyrgyzystanly telekeçiler jemi bahasy 296 müň 20 ABŞ dollaryna deň bolan dürli ölçegli orta öwüşginli boýalan sütükli önümleriň 44,2 müň kilogramyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümleriň bir kilogramynyň bahasy 5,5 ABŞ dollaryna deň boldy.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Irlandiýadan gelen işewür umumy bahasy 52 müň 920 ABŞ dollaryna deň bolan ýüplügiň 25,2 müň kilogramyny satyn aldy. Türkiýeli telekeçi bolsa manat serişdesine bu önümiň 16,8 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşigiň jemi bahasy 504 müň manada deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 883 müň 475 ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

2022