“Täsin hasyl” bitum emulsiýasynyň we bitum mastikasynyň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Täsin hasyl” bitum emulsiýasynyň we bitum mastikasynyň önümçiligini ýola goýdy
“Täsin hasyl” kompaniýasy öndürýän önümini diňe içerki bazara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, Özbegistan ýaly goňşy ýurtlara hem eksport edýär.

“Täsin hasyl” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň başynda bitum emulsiýasynyň we bitum mastikasynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

“Täsin hasyl” hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşip, bu kärhana önüm öndürmek üçin gerekli çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bitum emulsiýasy bilen bitum mastikasy 20 we 70 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. “Täsin hasyl” kompaniýasy öndürýän önümini diňe içerki bazara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, Özbegistan ýaly goňşy ýurtlara hem eksport edýär.

Bu kärhanada Türkiýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda onlarça hünärmen zähmet çekýär. “Täsin hasyl” hojalyk jemgyýeti geljekde çygdan goraýjy (gidroizolýasiýa) önümi bolan izogamyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

2022