Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki “Buýan” obasenagat toplumy 2022-nji ýylda 19 müň tonna golaý çig görnüşindäki buýan köküni ýygnady.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän kärhanada geçen ýylyň ýanwar–dekabr aýlarynda arassalanyp baglanan buýan köküniň 2 müň 963 tonnasy öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Kärhanada buýan kökünden üwelen külke görnüşli gury ekstraktyň 680 tonnasy, şeýle hem goýy toşap görnüşli ekstraktyň 610 tonnasy öndürildi.
Buýan gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp, onuň köki bu önümiň iň peýdaly bölegidir. Buýan köki diňe bir lukmançylykda ulanylman, eýsem, kosmetologiýada, şeýle hem konditer önümçiliginde ulanylýar. Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolup, olar Hytaý, Türkiýe, BAE, Serbiýa ýaly döwletlere eksport edilýär.