Lebaply telekeçileriň senagat önümleriniň eksporty $680 müňden geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply telekeçileriň senagat önümleriniň eksporty $680 müňden geçdi
Geçen aýyň dowamynda welaýatda öndürilen izogam, suwuk bitum mastikasy, kendir görnüşli watin we haltalyk mata ýaly önümler daşary ýurtlara iberildi.

Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary şu ýylyň ýanwar aýynda 680 müň ABŞ dollaryna deň bolan senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Geçen aýyň dowamynda welaýatda öndürilen izogam, suwuk bitum mastikasy, kendir görnüşli watin we haltalyk mata ýaly önümler daşary ýurtlara iberildi. Bu önümler “Mizemez gadam”, “Türkmen ojagy" we “Altyn bürgüt” hususy kärhanalary tarapyndan öndürildi.

Lebap welaýatynyň hususy kärhanalary geçen ýyl 11 million 200 müň ABŞ dollaryna barabar bolan senagat önümlerini eksport etdiler.

Lebap welaýaty Türkmenistanyň gündogar böleginde ýerleşip, onuň merkezi Türkmenabat şäheridir. Lebap welaýaty Owganystan we Özbegistan döwletleri bilen araçäkleşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022