Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 52% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 52% ýokarlandy
Türkmenistan Hytaýa 2022-nji ýylda 10,31 milliard ABŞ dollaryndan gowrak önüm iberdi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 11,181 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 52 göterim ýokarydyr. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär.

Iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 7,35 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Diňe 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanşygy 1,057 milliard ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Türkmenistan Hytaýa 2022-nji ýylda 10,31 milliard ABŞ dollaryndan gowrak önüm iberdi. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda Türkmenistan 867,6 million ABŞ dollaryndan gowrak hytaý harytlaryny import etdi.

Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol turbageçirijiler arkaly iberilýär.

2022