Aşgabatda indiki hepde Eýran önümleriniň sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda indiki hepde Eýran önümleriniň sergisi geçiriler
Sergä gatnaşmak üçin eýýäm 70-e golaý kompaniýa hasaba alyndy.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 15-17-nji fewral aralygynda Eýran önümleriniň sergisi geçiriler. Bu barada Eýranyň Halkara sergiler birleşiginiň başlygy Said Seýfiniň aýdanlaryna salgylanyp, “Tehran Times” gazeti şenbe güni habar berdi.

Said Seýfi bu sergä gatnaşmak üçin eýýäm 70-e golaý kompaniýa hasaba alynandygyny mälim etdi.

Eýranyň Halkara sergiler birleşiginiň başlygynyň aýtmagyna görä, ýakynda geçiriljek sergide nebit, gaz we nebithimiýa önümleri, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, ýuwujy serişdeler, gurallar, tehniki enjamlar, içgi we azyk senagaty, lukmançylyk, derman we saglyk enjamlary, oba hojalyk önümleri, dökün we karbamid, boýaglar, ýaglar, plitalar, keramika we sanitariýa hyzmatlary, şeýle hem metallar, minerallar, agaç, awtoulag we ätiýaçlyk şaýlary görkeziler.

Şeýle-de Eýranyň Medeniýet günleri 12-14-nji fewral aralygynda Aşgabatda geçiriler.

2022