Russiýa bilen Eýran nebit-gaz alyş-çalyş ylalaşygynyň tehniki meselelerini maslahatlaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýa bilen Eýran nebit-gaz alyş-çalyş ylalaşygynyň tehniki meselelerini maslahatlaşýar
Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak üstünde işlenilýän nebit we gaz alyş-çalyş ylalaşygynyň geljeginiň uludygyny aýtdy.

Russiýa bilen Eýran rus nebitini we tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen alyş-çalyş meýilnamasy boýunça beýleki ýurtlara ibermäge mümkinçilik döredip biljek şertnamanyň tehniki taraplary boýunça gepleşik geçirýär. Bu barada “Mehr” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak şenbe güni Moskwada habarçylar bilen geçirilen söhbetdeşlikde üstünde işlenilýän nebit we gaz alyş-çalyş ylalaşygynyň geljeginiň uludygyny belläp geçdi.

Aleksandr Nowagyň ozal belleýşi ýaly, ylalaşygyň birinji tapgyrynda Russiýa Eýran bilen alyş-çalyş arkaly sebitdäki beýleki ýurtlara 10 milliard kub metre çenli tebigy gaz we 5 million tonna nebit ugradyp biler.

Bilermenleriň pikiriçe, Eýran köp ilatly demirgazyk sebitlerinde gaz üpjünçiligini artdyrmak, şeýle hem Yraga we Türkiýä eksportyny ýokarlandyrmak üçin rus gazyny Türkmenistanyň ýa-da Azerbaýjanyň üsti bilen import edip biler. Habarda bellenilişi ýaly, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gaz alyş-çalyş ylalaşygynyň birinji tapgyry şu ýylyň mart aýyna çenli türkmen turbageçirijileriniň üsti bilen durmuşa geçirilip başlamagyna garaşylýar.

Eýran häzirki wagtda Türkmenistan bilen gaz alyş-çalşyk şertnamasyny durmuşa geçirýär. Onuň esasynda Eýran import edýän türkmen gazyny ýurduň demirgazyk-gündogarynda sarp edýär we Azerbaýjana deň mukdarda eýran gazyny iberýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022