2022: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 14,7 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 14,7 milliard manatdan geçdi
“Mobil bank” ulgamy arkaly 13 million 863 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

2022-nji ýylda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 14 milliard 747,3 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2022-nji ýylda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 13 milliard 807 million 498 müň manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 622,8 million manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 13 million 863 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 276 million 757 müň manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 671 müň manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 24 million 735 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022