2022: Türkmenistan-Türkiýe söwda dolanyşygy $2 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2022: Türkmenistan-Türkiýe söwda dolanyşygy $2 milliarddan geçdi
Türkmenistan geçen ýyl Türkiýä 101,96 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan önüm eksport etdi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 2,067 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 21,9 göterim ýokarydyr. Bu barada Türkiýäniň statistika institutynyň (TurkStat) beren maglumatynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 1,7 milliard ABŞ dollaryna ýakynlady.

Diňe 2022-nji ýylyň dekabr aýynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 197,5 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistan geçen ýyl Türkiýä 101,96 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan önüm eksport etdi. Bu bolsa 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 36 göterim ýokarydyr. Şeýle-de bu döwürde Türkmenistan 1,1 milliard dollardan gowrak türk harytlaryny import etdi we bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11,7 göterim artdy.

Türkiýäniň daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 617,88 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

2022