Ýertitremede ejir çekenlere ýardam bermek maksady bilen penşenbe güni Aşgabatdan Türkiýä nobatdaky ynsanperwerlik kömegi iberildi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oralyň “Twitter” sahypasynda habar berilýär.
Ilçi Togan Oralyň aýtmagyna görä, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan ýertitremede ejir çekenlere kömek bermek maksady bilen ýygnalan 1 müň 500 ýorgan hem-de 10 generator "Türk howaýollary” kompaniýasynyň uçary bilen Aşgabatdan Türkiýä iberildi.
“Türkmenistanda iş alyp barýan Türk kompaniýalaryna we olaryň işgärlerine, raýatlara, şeýle hem Türkmenistan hökümetine ynsanperwer kömegine goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirýärin” diýip, Togan Oral “Twitter” sahypasynda belledi.
Ýertitreme zerarly ejir çekenlere kömek toparyny we zerur bolan önümleri daşaýan türkmen uçary geçen hepdäniň sişenbe güni irden Aşgabatdan Türkiýä ugrady.
Amerikanyň geologiýa gözleg gullugy geçen hepdäniň duşenbe güni emele gelen ýertitremäniň 7,8 bala deň bolandygyny belledi. Şeýle hem şol güniň ikinji ýarymynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7,6 bala deň bolan ikinji güýçli ýertitreme hadysasy bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, ýertitremede wepat bolanlaryň 36 müň 187-ä, ýaralananlaryň sany 108 müň 68-e ýetdi.