Eýran Türkmenistana nebit pudagynda ulanylýan enjamlary ugratmagy hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Türkmenistana nebit pudagynda ulanylýan enjamlary ugratmagy hödürleýär

Eýranyň nebit ministriniň inžinerçilik, gözleg we tehnologiýa boýunça orunbasary Wahidreza Zeidifard “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen Aşgabatda geçirilen duşuşykda Eýranyň nebit senagaty enjamlaryny Türkmenistana ibermegi teklip etdi. Bu barada Eýranyň nebit ministrliginiň habarlar agentligi “Shana” ýekşenbe güni habar berdi.

Wahidreza Zeidifard ýolbaşçylygyndaky Eýranyň Nebit ministrliginiň wekiliýetiniň türkmen taraplary bilen duşuşyklary 15-17-nji fewral aralygynda Aşgabatda geçirilen Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň çäginde geçirildi.

Eýranyň Nebit ministrliginiň wekili nebit pudagynda işleýän eýran kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol Eýranyň nebit pudagynda ulanylýan enjamlaryň we önümleriň 70 göteriminden gowragynyň içerki öndürijiler tarapyndan öndürilýändigini belläp, Türkmenistany şeýle enjamlar bilen üpjün etmegi teklip etdi.

Wahidreza Zeidifard Eýranyň bäsleşige ukyply bahalarda Türkmenistanda uglewodorody gaýtadan  işleýän zawodlary, nebit we gaz ýataklary özleşdirmek hyzmatlary bermäge, hem-de bu pudakda ulanylýan ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary türkmen kärdeşlere ugratmaga gyzyklanmasyny beýan etdi. Ol türkmen nebit-gaz pudagynyň resmilerini Eýranyň bu pudakdaky mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin goňşy ýurda sapar etmäge çagyrdy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary öz gezeginde Eýranyň Nebit ministrliginiň bu sergä gatnaşmagyndan hoşaldygyny aýdyp, iki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine umyt bildirdi.

Türkmenhimiýa döwlet konserniniň wekili Eýran tarapy bilen geçirilen gepleşiklerde taraplaryň areasynda hyzmatdaşlyk üçin örän gowy teklipleriň hödürlenendigini aýdyp, döwlet konserniniň Eýranyň milli nebithimiýa kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga taýýardyny belledi.

Duşuşyklaryň ahyrynda türkmen tarapyna zerur bolan enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň sanawynyň diplomatik ýollar arkaly Eýrana ugradyljakdygy, hem-de eýran tarapynyň bu ugurda iş alyp barjakdygy ylalaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde geçirilen Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisinde Eýranyň senagat kärhanalarynyň önümleri, şeýle hem ýurduň häzirki zaman tehnologiýalary we inženerçilik hyzmatlary görkezildi.

2022