Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasy (ASCO) 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça ýük ulaglarynyň daşalmagyna arzanladyş yglan edýär. Bu barada Azerbaýjanyň ASCO kompaniýasynyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, uzynlygy 16,5 metre deň bolan tirkegli bir adaty ýük awtoulagynyň bir tarapa (Baku-Türkmenbaşy ýa-da Türkmenbaşy-Baku) daşalmagy üçin nyrh 1072 ABŞ dollarynyň ýerine 1000 ABŞ dollary bolar.
Mundan başga-da, öňünden satyn alnan ýagdaýynda, iki tarap üçin petek 1716 ABŞ dollarynyň ýerine 1600 ABŞ dollary bolar.
Nyrhlaryň arzanladylmagy tigirli ulagyň uzynlygyna görä hasaplanar.
Bu ugur boýunça fewral aýynyň başyndan bäri ýeňil awtoulaglar arzanladylan nyrhlar boýunça daşalýar. Azerbaýjanyň ASCO kompaniýasynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýeňil awtoulagy gämide daşamak üçin baha 325 ABŞ dollarynyň ýerine 200 ABŞ dollarydyr.
Nyrhlary peseltmek boýunça karar Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenistana ulag arkaly ýük daşamak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.