Ýanwar 2023: türkmen-özbek söwda dolanyşygy $16,1 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar 2023: türkmen-özbek söwda dolanyşygy $16,1 milliona deň boldy
Şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 10,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda 16,1 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 10,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 5,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda daşary söwda dolanyşygy 5 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 42 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 926,3 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022