Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammiti sentýabr aýynda Täjigistanda geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammiti sentýabr aýynda Täjigistanda geçiriler
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirildi.

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde şu ýylyň 14-16-njy sentýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Şeýle hem şol günler Täjigistanyň paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi hem geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi sişenbe güni habar berdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygy 2022-nji ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň syýahatçylyk zolagy bolan Çolpon-Ata şäherinde geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň, şeýle hem söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Astanada, ikinjisi – 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde, üçünjisi – 2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.

2022