Moskwada GDA-nyň XV halkara ykdysady forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Moskwada GDA-nyň XV halkara ykdysady forumy geçiriler
Forumyň çäginde GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. (Surat: sng.today)

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza döwletleriniň "Integrasiýa dialogy: GDA, ÝYB, ŞHG, BRIKS” atly XV halkara ykdysady forumy 17-nji martda Moskwada geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ykdysady ösüş boýunça işewürlik merkezi habar berdi.

Forum GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň we hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen GDA-nyň Ykdysady ösüş boýunça işewürlik merkezi tarapyndan gurnalar. Forum GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi bilen bir wagtda geçiriler.

Forumyň çäginde GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary GDA agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) agza döwletleriniň halkara ykdysady forumy GDA ýurtlarynyň döwlet häkimiýetleriniň gatnaşmagynda işewürlik meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin her ýyl geçirilýän platformadyr. Forumyň wezipesi bilelikdäki kararlary işläp düzmek we kabul etmek, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we Arkalaşygyň ykdysady ösüşine tarap hereketleri meýilleşdirmek bolup durýar.

2022