Mata beton we onuň ulanylyş aýratynlyklary

Nurmyrat Mommaýew
Mata beton we onuň ulanylyş aýratynlyklary
Mata beton çeýelik aýratynlygy bilen kanal we suwaryş ulgamlarynda giňden ulanlyýar.

Gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelýän sement berk tebigaty bilen gurluşyk üçin möhüm material bolup durýar. Betonyň berkligi desgalaryň dürli tebigy betbagtçylyklarda ýykylmagynyň we zaýalanmagynyň öňüni alýar.

Soňky ýyllarda kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly mata bilen sementiň kombinasiýasyndan öndürilen mata beton (Consrete Canvas) gurluşyk pudagynda ulanylmaga başlandy. Betonyň bu görnüşi çydamlylygy, ýeňilligi, estetiki görnüşi, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa aýratynlyklary bilen öňe saýlanýar, sebäbi mata beton adaty betondan tapawutlylykda az energiýa sarp edilip öndürilýär.

Mata beton adaty betondan has ýeňil gurluşa eýedir we gurluşyk çykdajylaryny azaldyp, gurluşyk tapgyryny we gurnama işlerini ýeňilleşdirýär. Mundan başga-da, mata beton berklik aýratynlygy bilen hem tapawutlanýar. Bu material ýangyna, ýer titremesine, suw joşmalaryna we beýleki tebigy betbagtçylyklara çydamlydyr.

Adaty betony ulanmagyň kyn bolan ýerlerinde mata betonyň ulanylmagy işleriň çalt ösmegine mümkinçilik berýär. Rulon görnüşinde bolan mata beton çukur ýerlerde, guýularda we beýleki ýerlerde ulanylyp bilner, sebäbi ony islendik gurluşyň aýratynlyklaryna görä kesip we düzedip bolýar. Adaty betondan tapawutlylykda, beton mata ýagyşda we beýleki çygly şertlerde hem ulanylyp bilner.

Mata beton çeýelik aýratynlygy bilen kanal we suwaryş ulgamlarynda, şeýle hem harby desgalarda ulanylýar. Çöllerden we gurak ýerlerden geçýän kanallar arkaly daşalýan suwuň takmynan 35-40  göterimi topraga siňýär. Şeýlelikde, ulanylmaly suwuň ýarysyna golaýy ulanylmaýar.

Akabalarda hem-de beýleki suwaryş ulgamlarynda betonyň ulanylmagy suwuň topraga siňip gitmeginiň we topragyň şorlaşmagynyň öňüni alýar. Şeýle-de bolsa, kanallary beton bilen örtmeklik köp çykdajy hem-de wagt talap edýär. Gurluşyk tapgyrynyň çalt we ýönekeý bolmagy bilen häzirki wagtda mata beton kanallaryň we akabalaryň gurluşygynda giňden ulanylyp başlandy. Ýer süýşmeleriň (eroziýa) netijesinde kiçi we uly göwrümli akabalaryň gyralarynyň gowşaşmagynyň önüni almakda hem mata beton netijeli çözgüt bolup durýar.

Sement önümçiligine baý bolan Türkmenistanda öndürilen sementiň içerki bazarda artan bölegi daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýär. Bu sementiň bir bölegini ulanyp mata beton öndürmek ýurduň ykdysadyýete goşant goşup biler. Bu material ýeňillik we çydamlylyk aýratynlyklary bilen prefabrik gurluşlaryň gurluşygynda-da ulanylýar. Bu aýratynlyklary bilen Türkmenistanda mata betonyň önümçilik we ulanylyş mümkinçiligi örän ýokarydyr.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022