Ýanwar-Fewral 2023: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 3,4% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-Fewral 2023: Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 3,4% ýokarlandy
2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,4 göterim ýokarlandy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

Wise-premýer 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabatynda jemi öndürilen önümiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 göterim artandygyny habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara dünýädäki ýagdaýlary gözegçilikde saklap, alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, müdirlikleriň önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermek hem-de bu işi berk gözegçilikde saklamak barada degişli görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi we jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklanyp galandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz gazanylan netijeleri saklap galmak bilen çäklenmän, eýsem, olary artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi we döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022