FAO: fewral aýynda azyk önümleriniň global bahalary peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: fewral aýynda azyk önümleriniň global bahalary peseldi
Fewral aýynda ösümlik ýagynyň bahasy 3,2 göterim, süýt önümleriň bahasy 2,7 göterim arzanlady.

Azyk önümleriniň global bahalary fewral aýynda on bir aý yzygiderli peseldi. 2022-nji ýylyň mart aýyndaky derejesi bilen deňeşdirilende 19 göterim aşak düşdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi fewral aýynda ortaça 129,8 bala ýetdi. Häzirki wagtda bu indeks şu ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 0,6 göterim peseldi.

FAO-nyň habar bermegine görä, ösümlik ýaglarynyň we süýdüň bahalarynyň görkezijileriniň ep-esli peselmegi umumy görkezijiniň peselmegine esas boldy. Şeýle-de bolsa degişli döwürde şekeriň bahasy ýokarlandy.

Fewral aýynda ösümlik ýagynyň bahasy 3,2 göterim, süýt önümleriň bahasy 2,7 göterim arzanlady, şekeriň bahasy bolsa 6,9 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler esasan hem Hindistanda önümçiligiň peselmegi sebäpli alty ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetdi.

Degişli döwürde galla önümleriniň we etiň bahalary üýtgewsiz galdy.

Şeýle hem FAO galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny paýlaşdy. Çaklama görä, önümçilik möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 784 million tonna azaldy. Emma bu galla önümçiligi iň ýokary dereje boýunça ikinji orunda durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022