Türkmenistanda nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,2% ýerine ýetirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,2% ýerine ýetirildi
Dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Aşyrguly Begliýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Wise-premýer şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, benzin, suwuklandyrylan gazy öndürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hasabata görä, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy we amatly bahalardan import enjamlaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny, himikatlary we sarp ediş serişdelerini bökdençsiz getirmek üçin olary öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de daşyndan maýa goýumlary çekmek boýunça zerur çäreleri görmegiň, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi we döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022