Söwdanyň amala aşyrylýan görnüşleri haýsylar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Söwdanyň amala aşyrylýan görnüşleri haýsylar?
Göçme söwda – söwda obýektiniň hemişelik ýerleşýän ýerinden başga bellenilen ýerlerde ýa-da kesgitlenilen çäkde amala aşyrylýan bölek söwdadyr.

“Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 18-njy maddasyna laýyklykda söwda şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

  • Alyjy bilen şahsy aragatnaşyk etmek arkaly söwda – söwda obýektiniň satyjysynyň we alyjynyň gönüden-göni şahsy aragatnaşygy mahalynda bolup geçýän özara hereketi amala aşyrylan mahalyndaky söwda.
  • Öz-özüňe hyzmat etmek arkaly söwda – barşynda alyja soňunda hasaplaşyk-kassa ýerinde bahasyny tölemek bilen, özüne gerek harydy ýanyna gelip saýlamaga mümkinçilik berýän söwda.
  • Bäsleşikli söwda – harytlaryň Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýän jemagat söwdasynyň geçirilmegi arkaly satylmagy.
  •  Ýarmarka – harydy satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylmagynyň maksady bilen, bellenilen ýerde wagtal-wagtal guralýan harytlaryň söwdasy (harytlaryň nusgalarynyň bazary).
  • Uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwda – harydy satyn almagyň-satmagyň şertnamasynyň alyjynyň harydyň beýan edilmegi bilen kataloglar, neşirler, kitapçalar, fotosuratlar, poçta we elektron aragatnaşyk serişdeleri arkaly tanyşmagynyň esasynda baglaşylýan hem-de söwda işiniň subýekti tarapyndan harydyň alyja eltip berilmek şerti bilen edilýän söwda.
  • Göçme söwda – söwda obýektiniň hemişelik ýerleşýän ýerinden başga bellenilen ýerlerde ýa-da kesgitlenilen çäkde amala aşyrylýan bölek söwda.
  • Nusgalar boýunça söwda – harytlaryň satylýan ýerinde çykarylyp goýlan, söwda işiniň subýekti tarapyndan hödürlenilýän harydyň nusgasy bilen alyjylaryň tanyşmagy esasynda baglaşylýan harytlaryň bölek satyn almak-satmak şertnamasy boýunça harytlaryň satylmagy. Harytlar nusgalary boýunça satylýan mahalynda alyja görkezilýän nusgalar bilen tanyşmaga, zerur harytlaryň saýlanylmagyna we satyn alynmagyna, şeýle hem eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olaryň onuň görkezen ýerine eltilmegine mümkinçilik döredilýär.
  • Söwda awtomatlarynyň peýdalanylmagy bilen söwda – harytlaryň satylmagynyň söwda işiniň subýektiniň özüniň gatnaşmazlygynda awtomatik serişdeleriň ýerleşdirilen ýerinde harydyň satyn alynmagyna we onuň töleginiň geçirilmegine mümkinçilik berýän awtomatik serişdeleriň peýdalanylmagy arkaly amala aşyrylýan söwdasy.
  • Ulgamlaýyn marketing – dükandan daşardaky bölek söwdanyň, önüm öndürijiniň adyndan harytlary satmak maksady bilen, alyjy bolup biljekler bilen höweslendirilme üçin göni gatnaşyklary ýola goýýan, şeýle hem meňzeş hukuklary bolan hyzmatdaşlary çekmek hukugyna eýe bolan garaşsyz distribýutorlarynyň (söwda ýumuşçylarynyň) ulgamynyň döredilmegine esaslanýan, göni (ýekänme-ýekän) satylmagynyň aýratyn görnüşi.
  • Harytlaryň satyşdyrylmagy.

Distribýutorlar (söwda ýumuşçylary) hökmünde önümi öndüriji bilen raýat-hukuk gatnaşyklarynda durýan we onuň adyndan harytlaryň satuwyny amala aşyrýan hususy telekeçiler we ýuridik şahslar çykyş edip bilýärler.

Çeşme: “Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022