Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherindäki desgalaryň tabşyrylmagy boýunça Karara gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherindäki desgalaryň tabşyrylmagy boýunça Karara gol çekdi
Bu resminama sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni gol çeken Kararyna laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça baglaşylan şertnamalar esasynda gurulýan binalary we desgalary ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu resminama sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti, degişli edaralar, kärhanalar we Ahal welaýat häkimligi Arkadag şäherinde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Bularda başga-da, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.

2022