Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi
Mejlisiň dowamynda taraplar bilelikdäki hökümetara toparyň öňki mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabat şäherinde duşenbe güni geçirilen türkmen-özbek hökümetara toparynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki 17-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Özbek tarapynyň wekiliýetine Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky yzygiderli we netijeli gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýändigi bellenildi.

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolan ulag-logistika ulgamy, nebit-gaz, himiýa we elektroenergetika pudaklary, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada bellenildi.

Mejlisiň dowamynda taraplar bilelikdäki hökümetara toparyň öňki mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022