Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýede bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkiýeli işewür tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde Türkiýä berlen goldawyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli hyzmatdaşlaryň, şol sanda işewür Ahmet Çalygyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýalar toparynyň Türkmenistanda başy başlanan hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna we senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasyna Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň ynanylýandygyny, çarşenbe güni bolsa Aşgabatda bu toplumlaryň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür hemmetaraplaýyn goldaw hem-de bildirilýän ynam üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan etdi we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

2022