Kerkide 1 müň tonnadan gowrak çörek önümleri öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kerkide 1 müň tonnadan gowrak çörek önümleri öndürildi
Bu kärhana 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 995 tonna çörek we çörek önümlerini öndürdi.

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşýän çörek kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri 1000 tonnadan gowrak çörek we çörek önümlerini öndürdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Bu kärhana 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 995 tonna çörek we çörek önümlerini öndürdi. Şu döwürde girdeji hem 2 million manada golaýlady.

Kerki etrabynda ýerleşýän çörek kärhanasynyň 2022-nji ýyl boýunça meýilnamasynda görkezilen 2 müň 770 tonna derek 5 müň 200 tonnadan gowrak önüm öndürildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde önümleriň 8 görnüşi öndürilýär. Olaryň arasynda “Ruhubelent”, “Altyn däne”, “Altyn asyr”, “Höwesli” ýaly önümler has ýokary islege eýedir.

Kerki etrabynyň çörek kärhanasy 1938-nji ýylda işe girizilip, onuň önümleri Kerki şäheri bilen birlikde, etrabyň dürli obalaryndaky söwda merkezlerine, bilim-terbiýeçilik edaralaryna, saglyk merkezlerine, alyjylar jemgyýetlerine hem ugradylýar. Mundan başga-da, çörek önümleri bilen Amyderýanyň sag kenaryndaky Kerkiçi şäherçesiniň ilaty hem üpjün edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022