Türkmenistanyň Prezidenti Dohada Kataryň işewürleri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Dohada Kataryň işewürleri bilen duşuşdy
Duşuşykda Katarly işewürlere senagat ulgamynda, himiýa, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda we syýahatçylykda taslamalara maýa goýmaga gatnaşmak teklip edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni “Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynda Katara amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň maksady geljegi uly türkmen bazaryna katarly maýadarlary çekmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň başynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda daşary ýurtly işewürler üçin döredilen amatly maýa goýum şertleri we mümkinçilikleri, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardyr amala aşyrylýan iri taslamalar barada çykyş etdi. 

Şunda iki döwletiň telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly kuwwatyň bardygy barada aýdylyp, katarly işewürlere senagat ulgamynda, himiýa, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda we syýahatçylykda taslamalara maýa goýmaga gatnaşmak teklip edildi.

Soňra Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary çykyş edip, ýurduň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 

Şeýle hem duşuşygyň geçýän ýerinde sergi ekspozisiýasy ýaýbaňlandyrylyp, onda “Türkmenistanda öndürildi” ýazgyly eksport ugurly harytlar görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni döwlet sapary bilen Katara bardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bu ugurda degişli Permana gol çekdi.

2022