TDHÇMB

“PETRONAS” Talyp Haklary: Malaýziýada Okuw Mümkinçiligi

Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy nebit-gaz önümçilik-ýerleme zynjyrynyň hemme pudaklarynda subut edilen mümkinçilikleri bolan integrirlenen, köp milletli nebit-gaz kompaniýasy hasaplanýar.  Dünýäniň iň bäsdeşligi köp bolan pudaklarynyň birinde barha artýan kynçylyklara döz gelmegi dowam etdirmek bilen, biz täze çözgütlere ymtylýarys we durnukly ösüş üçin barha artýan energiýa islegini kanagatlandyrmak üçin çäklerimizi giňeldýäris.

1975-nji ýyldan başlap, “PETRONAS” 36 000-den gowrak mynasyp talyplara - netijelere gönükdirilen pikirlenmä eýe, güýçli ýolbaşçylyk ukyplary bolan we kämillige bolan höwesi bilen çäkleri giňeldip bilýän ýokary akademiki derejeli talyplara öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin bilim hemaýatyny teklip etdi.

“PETRONAS” kompaniýasy, Malaýziýadaky “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologik Uniwersitetinde (UTP) okamak üçin aşakdaky dersler boýunça mynasyp talyplara doly talyp haklaryny hödürleýär:

Inženerçilik işi

  • Himiki inženerçilik
  • Inženerçilik desgalarynyň gurlyşygy
  • Kompýuter inženerçiligi
  • Elektrotehnika we elektronika
  • Materiallaryň tehnologiýasy
  • Mehaniki inženerçilik
  • Nebit çykaryş tehnologiýasy

Hasaplama:

  • Maglumatlar ulgamlary
  • Maglumatlar tehnologiýalary
  • Kompýuter ylymlary
  • Işewürligi dolandyryş

Ylym:

  • Amaly himiýa
  • Nebit geologiýasy

*Synaglardan we söhbetdeşlik sessiýalaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, kompaniýanyň tarapyndan ýüz tutan ugrundan tapawutly tertip-düzgüni hödürlemäge hukugy bar.

“PETRONAS” Tehnologiki uniwersitetine (UTP) girýänler üçin talaplar / Saýlaw görkezijileri:

  • Ýüz tutujynyň maşgala ýagdaýy: öýlenmedik/durmuşa çykmadyk
  • Ýaş:  17-25 ýaş
  • Inženerlik kurslary: Orta mekdebi himiýa, matematika, fizika boýunça üstünlikli tamamlan 
  • Tehnologiki kurslar: Orta mekdebi matematika boýunça gowy netijeler bilen tamamlan
  • TOEFL (Iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenme synagy) ýa-da IELTS (Halkara iňlis dili synagy ulgamy) boýunça iňlis dili biliminiň Sertifikaty -  iň az bal:  IELTS 5.0 ýa-da TOEFL iBT 50 bal;

Tabşyrylmaly resminamalar / Aşakdaky talaplary berjaý ediň:

  1. Ýüz tutujynyň rezýumesi, saýlanan dersi görkezmek bilen
  2. 10 (on) sany 3*4 ölçegli surat, yzy ak fon bolmaly, oglanlar resmi geýimde we gyzlar ýaşyl köýnekde (forma No.1)
  3. Ýerli we daşary ýurt pasportynyň nusgasy (möhleti 24 aýdan az bolmaly däl)
  4. Orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da mekdepden okuw ýetişigi barada kepilnama
  5. Iňlis dili boýunça Sertifikat (TOEFL ýa-da IELTS)
  6. Beýleki bar bolan şahadatnamalar we goşmaça resminamalar
  7. Harby biletiň nusgasy (eger bar bolsa)

*Arzalara diňe resminamalar doly tabşyrylandan soň seredilýär

**Habarlaşmak üçin takyk maglumatlary görkeziň

***Ähli maglumatlaryň dogrydygyna göz ýetiriň

“PÇ(T)SB” kompaniýasynyň edara jaýyna tabşyrmaly - Türkmenistan, Aşgabat säheri, 744027, Türkmenbaşy şaýoly, 81 jaýy (blok-B), +99312398000, “UTP Intake 2025” görkezmek bilen // Arza tabşyrmagyň soňky möhleti gazetde çap edilen gününden 2 hepde.

Bulary hem okaň
Mart 29, 2025