Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlady

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň  23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda tölemelidirler.

Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirilen.

Bulary hem okaň
2022