Mary şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Mary welaýatynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti we Mary welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Mary şäherinde ýerleşýän toý mekanynda (öňki sergi zaly) sagat 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini: işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Mary şäheriniň Gowşut han köçesiniň 24-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

800522-7-41-88

800522-7-39-95

Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022