Saud howa enjamlary bazaryndaky dolanyşyk 2024-e çenli $2.4 milliarda barabar bolar

BT
Saud howa enjamlary bazaryndaky dolanyşyk 2024-e çenli $2.4 milliarda barabar bolar
Bu bazaryň ýokarlanmagyna syýahatçylyk maksatly taslamalara we täjirçilik infrastrukturasyna goýulýan maýalaryň köpelmegi itergi berýär.

Saud Arabystanynyň ýyladyş, howalandyryş we sowadyjy enjamlary boýunça bazarynyň söwda dolanyşygy 2024-nji ýyla çenli 2.4 millard dollara barabar bolar diýip, Beýik Britaniýada ýerleşýän "Research and Markets" bazar öwreniş kompaniýasy çak edýär.

Bu bazaryň ýokarlanmagyna syýahatçylyk maksatly taslamalara we täjirçilik infrastrukturasyna goýulýan maýalaryň köpelmegi itergi berýär.

Howalandyryş ulgamlaryna gezek gelende, bu ugurdaky saud bazary çyglylygy azaldyjy we artdyryjy, howany arassalaýjy, fankoýl enjamlary we wentilýatorlary öz içine alýar. 2018-nji ýylyň dowamynda wentilýator enjamlary bu bazardaky iň uly paýy eýeledi. Bu enjamlar howanyň aýlanmagy, önümçilik desgalaryndaky enjamlaryň zaýalanmazlygy üçin howanyň tozandan arassalanmagy ýaly giň maksatlar bilen ulanyldy.

Haj zyýaraty ýaly möhüm dini ähmiýeti üçin, Saud Arabystany dünýä boýunça iň köp syýahatçy gelýän ýerleriň biri bolup, bu ýagdaý ýurduň syýahçylyk pudagynyň ösmegine getirdi. Mysal üçin, 2018-nji ýylda "Marriott International" kompaniýasy "Saudi Vision 2030" taslamasynyň çäginde jemi 6 müň otagdan ybarat bolan 29 sany myhmanhanany gurmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. "Hilton Worldwide Holdings Inc" kompaniýasy öňümizdäki bäş ýylyň içinde bu ýurtda jemi 35 sany myhmanhana gurmagy meýilleşdirýär. "Radisson Hospitality AB" kompaniýasy 2020-nji ýyla çenli iki sany täze myhmanhana açjakdygyny mälim etdi. Şonuň üçin, döwrebap myhmanhanalarda ýyladyş, howalandyryş we sowadyjy enjamlaryň oturdylmagy ýurtda bu bazaryň ösmegine getirýär.

Saud Arabystanynyň bu bazarynda esasy orunlary eýeleýän kompaniýalar: "Johnson Controls International plc", "Ingersoll-Rand plc", "Danfoss A/S", "Mitsubishi Electric Corporation", "LG Electronics Inc.", we "Gree Electric Appliances Inc of Zhuhai".

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar

  • Häzirki döwürde Saudi Arabystany Türkmenistanyň oba hojalyk, söwda we gurluşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalaryny öwrenýär.
  • Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň tebigaty goramak, suw we oba hojalyk ministri Abdulrahman Abdulmohsen Al Fadleýi kabul edip, iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
  • 2018-nji ýylyň maý aýynda "Hajjan Trading & Industrial Services Company Ltd" (HATCON) kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aýed Noueihed Türkmenistanyň Senagaçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) Aşgabatdaky baş edarasynda kabul edildi. TSTB-niň ýolbaşçysy we myhman söwda, gurluşyk, oba hojalyk we senagat toplumy pudaklarynda iki ýurduň işewür-toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada maslahat etdiler.
  • Häzir türkmen telekeçileri Saudi Arabystanyna konditer önümlerini eksport edýärler, şeýle hem saud bazaryna et, gök-önümler we bakja önümlerini ýerlemegiň mümkinçiliklerini öwrenýärler.
Bulary hem okaň