Dünýä boýunça $9.24 milliardlyk pomidor import edildi

BT
Dünýä boýunça $9.24 milliardlyk pomidor import edildi
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2018-nji ýylda pomidoryň eksporty 58% ýokarlandy.

2018-nji ýylda dünýä boýunça import edilen pomidor ABŞ-niň 9,24 milliard dollaryna barabar boldy diýip, WTEx habar berýär.

Ýewropa döwletleri geçen ýyl 5,8 milliard dollarlyk pomidor satyn alyp, bu görkeziji dünýä boýunça umumy möçberiň 63,1%-ne deň boldy.

Demirgazyk Amerika ýurtlary dünýä boýunça satylan pomidoryň 30,4%-ni import etdiler. Aziýa ýurtlaryndaky müşderiler bütin dünýäde import edilen pomidorlaryň 5,9%-ni aldylar.

Afrika (0,2%) we Okeaniýa (0,05%). Meksika hasap edilmedik ýagdaýynda, pomidoryň iň az mukdaryny Latin Amerikasy (0,3%) import etdi.

2018-nji ýylda pomidory iň köp import eden 15 ýurt şulardyr:

  1. ABŞ: 2,5 mlrd. dollar
  2. Germaniýa: 1,5 mlrd. dollar (15,9%)
  3. Fransiýa: 706,9 mln. dollar (7,7%)
  4. Beýik Britaniýa: 699,9 mln. dollar (7,6%)
  5. Russiýa: 629,8 mln. dollar (6,8%)
  6. Niderlandlar: 322,3 mln. dollar (3,5%)
  7. Kanada: 322,1 mln. dollar (3,5%)
  8. Polşa: 238,8 mln. dollar (2,6%)
  9. Şwetsiýa: 170,1 mln. dollar (1,8%)
  10. Italiýa: 146 mln. dollar (1,6%)
  11. Ispaniýa: 145,8 mln. dollar (1,6%)
  12. Belarus: 116,6 mln. dollar (1,3%)
  13. Çehiýa: 116,3 mln. dollar (1,3%)
  14. Rumyniýa: 107,6 mln. dollar (1,2%)
  15. Awstriýa: 100,6 mln. dollar (1,1%)

Ýokardaky sanawda görkezilen ýurtlar 2018-nji ýyl boýunça import edilen pomidoryň umumy möçberiniň 84,2%-ni satyn aldylar.

Olaryň arasynda 2014-nji ýyldan bäri pomidor boýunça import bazary iň çalt depginde ösýän ýurtlar: Rumyniýa (87% ösüş), Ispaniýa (54,8% ösüş), Niderlandlar (21,1% ösüş) we ABŞ (21% ösüş).

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýyladyşhana pudagy yzygiderli ösýär. Türkmen telekeçileri topraksyz we az suw ulanylýan gidropon ýyladyşhanalarynda pomidorlary ösdürip ýetişdirýärler. Türkmenistanyň pomidor öndürijileri bu önümleri goňşy ýurtlara yzygider eksport edýärler.

Häzirki döwürde türkmen pomidorlaryny satyn alýan esasy ýurtlaryň hataryna Gazagystan, Russiýa, BAE, Pakistan, Owganystan we Özbegistan girýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2018-nji ýylda pomidoryň eksporty 58% ýokarlandy.

Bulary hem okaň
2022