10.08.2019
24.09.2019

“Türkmenstandartlary” defektoskop enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralar üçin göteriji maşynlaryň kanatlarynyň kesekesiginiň meýdanynyň ýitgisini barlaýan defektoskop enjamlary satyn almak boýunça Bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly. Bäsleşik boýunça teklipler iki sany aýry bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli. Enjamlary satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler 2019-njy ýylyň 10-njy awgustyndan “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar bildiriş çap edilenden soň 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 49-88-43, 49-38-38. faks: (+99312) 49-88-43.

Türkmenistan, ş.Aşgabat, 1995-nji köçe, 12
Bulary hem okaň