30.08.2019
05.10.2019

TNGIZT beketleriniň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan “TNGIZT-iň № 1, 2 “Zawod” baş peseldiji beketleriniň durkuny täzelemek işlerini geçirmek” bäsleşik teklibini işläp düzmek boýunça HALKARA TENDER yglan edýär.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • tehniki talaplaryny almaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde tölegini töläp (GBS-i hasaba almak bilen), bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bäsleşigiň yglan edilen gününden 30 iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini yglan edilen gününden başlap, ýokarda görkezilen salga ýetirmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleriniň geçmekliginden soňra serediler.

Täjirçilik tekliplerini möhürlenen iki bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnama, ikinjide bolsa hödürlenýän işleriň nyrhlaryny görkezmek bilen söwda teklipleri bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 9-60-38, 2-03-89; faks +993243 2-11-49.

Elektron salgysy: tngizt_dya_bolumi6@online.tm;

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň