19.09.2019
26.10.2019

Senagat we kommunikasiýa ministrligi taslama we gurluşyk işleri boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky keramiki plitalary we santehnika harytlaryny öndürýän kärhananyň taslama we gurluşyk işleri boýunça halkara tender yglan edýär.

Ähli gyzyklanma bildirýän şahslar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine ýüz tutup bilerler, gatnaşmak üçin töleg - 500 amerikan dollary ýa-da 1750 manat (töleg yzyna gaýtarylmaýar).

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik tekliplerine hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seredilýär. Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehiki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-00-17/19/21.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022