10.10.2019
10.10.2019

Daşoguz welaýat häkimligi gurluşyk işleri üçin potratçylary saýlap almak boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji maýynda çykaran “Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyny gurmak hakyndaky” Kararyna laýyklykda, welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda guruljak täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda saglyk merkeziniň, 240 orunlyk çagalar bagynyň we 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň gurluşyk işleri üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2019-njy ýylyň 10-njy oktýabryna, sagat 9:00- dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022